Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwletliler köşgündäki bagtyýar çagalygyň baýramçylygy
Jemgyýet
Döwletliler köşgündäki bagtyýar çagalygyň baýramçylygy
Çap edildi 01.01.2015
1805

Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Täze –2015-nji ýylyň ilkinji güni Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, oňa bu köşkde terbiýelenýänler gatnaşdylar we olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Döwletliler köşgünde ýaşaýan we bilim alýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşmak üçin şu gün bu ýere Milli parlamentiň, käbir ministrlikleriň. köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň ähli syýasy partiýalarynyň, ýaşlar, zenanlar we ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabaranyň başynda Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalary Täze ýyl bilen gutlady we olara döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň mynasyp raýatlary, ajaýyp Watanymyzyň geljegini döredijiler bolup ýetişmek üçin oňat okamagyň hem-de bilimleri özleşdirmegiň möhümdigi baradaky sargytlaryny gowşurdy. Soňra Döwletliler köşgünde bilim we terbiýe alýan çagalara milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Ajaýyp sowgatlar, ösüp gelýän nesil hakynda edýän ägirt uly, hakyky atalyk aladasy üçin çagalar hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny, mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler, biziň ýurdumyzyň ähli çagalary hem şeýle alada bilen gurşalandyr. Soňra baýramçylyk görnüşinde bezelen arçanyň ýanynda täze ýyl tomaşasy başlandy, oňa Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň gahrymanlary bilen bilelikde dabara gelen myhmanlar hem gatnaşdylar. Diňe bir Täze ýylyň öň ýanynda bolan konsertde ýygnanan ähli girdejileri Döwletliler köşgüne geçiren belli estrada artistleri däl-de, eýsem Köşkde terbiýelenýänler hem ajaýyp Watanymyz we mähriban Arkadagymyz hakyndaky goşgulary okap, tanslary we aýdymlary ýerine ýetirip, öz zehinlerini görkezdiler. Köşkde terbiýe alýanlaryň her bir çykyşy Watanymyza bolan söýgä hem-de ähli zatdan üstün çykýan hoşniýetli arzuwlara beslendi. Hakyky bagtyýar çagalaryň ýaşaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýurduny hem hakykatdanam bagtyýar ýurt diýip atlandyryp bolar. Megerem, Döwletliler Köşgünde dürli sebäplere görä, ata- enesiz galanlaryň ýaşaýandygyny we okaýandygyny ilkinji gezek eşidenlere muňa ynanmak bir bada kyn düşse gerek. Ata Watanymyz olara hossar çykyp, çagalara abadan durmuşda ýaşamak üçin ähli şertleri döredip, bilim almak, olaryň saglygyny goramak we başga-da birgiden ugurlar bоýunça ähli hukuklarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Çünki ýaş türkmenistanlylaryň ählisi barada içgin alada etmek Milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan durmuş syýasatynda düýpli ähmiýet berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky alada özüniň miwelerini berýär—ýaş türkmenistanlylar, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda hem geçirilýän halkara bäsleşiklere, olimpiadalara we festiwallara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar we öz ýeňişlerini söýgüli Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize bagş edýärler, milli Liderimiz häzirki nesliň ýakyn geljekde garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine ägirt uly goşant goşjakdygyna çäksiz ynanýar.

Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
19.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna uly orun degişlidir
19.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow