Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 16.03.2019
1553

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, dizel ýangyjyny, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýna, portlandsement, nah we garyşyk ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 87 million 416 müň dollaryndan gowrak boldy. Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 6 million 420 müň manatlykdan gowrak nah we garyşyk ýüplük satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow