Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 26-njy iýul
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 26-njy iýul
Çap edildi 26.07.2015
1582

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna çigit ýagyny, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine BAE-den we Pakistandan gelen işewürler 4 million 779 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 252 müň manatlyk polipropilen (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
top-arrow