Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler
Ykdysadyýet
Daşoguzly pagtaçylar gowaça ekişine girişdiler
Çap edildi 27.03.2019
1723

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan senesine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatda gowaça ekişine howa ýagdaýlary nazarda tutulyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýär. Asylly däbe görä, ekiş möwsümini hormatly ýaşulular başlap, oňa ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyza, türkmen halkyna, milli Liderimize abadançylyk we rowaçlyk dileg edip, olar topraga ilkinji tohumlary taşladylar. Soňra ýaşulular nobaty mehanizatorlara berdiler. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şu ýyl pagtaçy kärendeçiler Watan harmanyna 230 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy meýilleşdirdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri gowaçanyň «Daşoguz — 120», «Serdar», «G — 4727», «Jeýhun», «149F» ýaly sortlaryny ekmegi meýilleşdirdiler. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, dürli görnüşli traktorlar, ekiji we bejergi gurallary geljekki bol hasylyň kepili bolan ekişiň bökdençsiz we sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün eder. Ekiş möwsümine badalga berilmeginiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýat häkimliginde ýörite maslahat geçirildi. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy kärendeçiler gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar ekiş möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirmek, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu möwsüme dahylly ähli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ekiş möwsümi mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde demirgazyk welaýatyň obasenagat toplumyna degişli bolan oba hojalyk tehnikalarynyň we oba hojalyk önümleriniň sergisi guraldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän 2019-njy ýyla bagyşlanan medeni maksatnama çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Onda welaýatyň folklor we tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenji guraldy.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow