Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi
Jemgyýet
Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi
Çap edildi 22.07.2015
2339

Aşgabat, 22-nji iýul (TDH). Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar. Mälim bolşy ýaly, Awstriýa- Türkmen jemgyýeti 2008-nji ýýylyň güýzünde döredilipdi. Bu döwür içinde jemgyýetde bilelikdäki möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Olara mysal edip, “Galkynyş” žurnalynyň neşir edilmegini, “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň döredilmegini, dürli duşuşyklaryň, tanyşdyryş çäreleriniň, sergileriň yzygiderli geçirilmegini aýtmak bolar. Medeniýet ulgamynda aýratyn ähmiýetli waka hökmünde türkmen sungat ussatarynyň Ýewropanyň medeni paýtagty hasaplanýan Wenada çykyşlarynyň guralmagyny, şeýle hem Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegini bellemek bolar. Şu gün tanyşdyrylan Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara ýurdumyz, taryhymyz, medeni däp-dessurlarymyz we türkmen halkynyň adatlary, ösüş ýolundan ynamly barýan häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada okyjylara gürrüň berýän köpsanly makalalar we fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Tanyşdyryş çäresinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Awstriýanyň jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana örän uly üns berilýänligini belledi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “”Açyk gapylar” syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow