Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli şaýy pullar
Jemgyýet
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli şaýy pullar
Çap edildi 20.07.2015
1582

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan üçin şanly senäniň - “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20-ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumyny çykardy. Täze şaýy pullary Beýik Britaniýanyň “The Roýal Mint Limited” zikgehanasynda ýasaldy. Şaýylaryň bezegi milli pulumyzyň beýleki nusgalary ýaly, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we türkmen halkynyň ajaýyp milli ýörelgelerine laýyk gelýär. Şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde sekizburçluk ýerleşdirilipdir. Onuň içinde Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň nyşany bolan kepjebaşyň şekili, sahawatly türkmen topragynda ösýän hem-de ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikler çomuç bilen ýüzärlikden bezelen çarçuwanyň içinde ýerleşdirilipdir. Sekizburçlugyň aşaky böleginde “TÜRKMENISTANYŇ LUKMANÇYLYGY” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Şaýy puluň ýüz tarapynyň ýokary böleginde aýlaw bilen ýazylan “SAGLYK DÖWLET MAKSATNAMASYNA 20 ÝYL” diýlen ýazgy şaýy pullaryň goýberilmegine sebäp bolan taryhy wakany şöhlelendirýär. Aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan ýylyny aňladýan “2015” diýen ýazgy bar. Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen ‘’TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy, aşaky böleginde onuň hümmetini görkezýän “ELLI MANAT’’ diýen ýazgy şekillendirilipdir. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda – Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy görkezilýär. 38,61 mm. deň bolan birmeňzeş diametrde altyn şaýy puluň agramy 39,94 grama, kümüş puluňky bolsa 28,28 grama barabardyr. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünýär. Ýurdumyzyň şanly senelerini ebedi şekillendiren gymmatbaha şaýy pul, Türkmenistanda döredilýän bahasyna ýetip bolmajak numizmatiki toplumyň üstini ýetirer hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar . Türkmenistanyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär.

Soňky habarlar
19.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
19.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
top-arrow