Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi
Ykdysadyýet
Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi
Çap edildi 11.06.2019
1354

Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda hasabat berildi. Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. Bu ajaýyp zähmet ýeňşi milli Liderimiziň oba zähmetkeşleri baradaky hemmetaraplaýyn aladasyna mynasyp jogapdyr, döwlet Baştutanymyzyň obasenagat ulgamynda başyny başlan, pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga, onuň toplumlaýyn özgerdilmegine hem-de geljegi nazara almak bilen, okgunly ösdürilmegine gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň ähli sebitleri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen geldiler. Bu barada ilki Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri, soňra bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýüpekçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler. Şu ýyl — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda dürli oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, piläniň satyn alnyş nyrhy ep-esli ýokarlandyryldy. Bu çäreler daýhanlary has-da ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge ýardam edip, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly höweslendiriş çäresi boldy. Şonuň bilen birlikde, oba zähmetkeşleriniň ýüpekçilik bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy artýar. Bu önümçiligiň taryhy türkmen topragynda ençeme müňýyllyklara barabardyr. Ýüpekçiligiň milli däpleri we tejribesi nesilden-nesle aýawly geçirilipdir. Türkmen ussatlary tarapyndan taýýarlanylan ajaýyp ýüpek matalary gadymy döwürlerden bäri Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda meşhurlyga eýe bolupdyr. Olar şol ýerlere gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary arkaly ýetirilipdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýüpekçiligi ösdürmek, onuň gadymy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak babatda maksadalaýyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn we iýmit binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Sebitlerde tut ýetişdirilýän meýdanlaryň giňeldilmeginiň hem ýerlerde ekologiýa ýagdaýyna oňaýly täsir edýändigi bellärliklidir. Çünki tut agajy diňe uzak ýaşaýandygy bilen däl, eýsem, köp sanly peýdaly häsiýetleri bilen hem tapawutlanýar. Mundan başga-da, tut agaçlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda ekilmegi oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda dokma senagatynyň önümçilik düzümi, şol sanda onuň ýüpekçilik pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu pudagyň önümleri ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär hem-de uly islegden peýdalanýar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ýüpekçilik senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygy baradaky talaplaryna laýyk gelýär.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow