Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gallaçylaryň yhlasly zähmeti bilen orak möwsüminiň depgini artýar
Ykdysadyýet
Gallaçylaryň yhlasly zähmeti bilen orak möwsüminiň depgini artýar
Çap edildi 21.06.2019
1505

Şu gün Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Etrapda bugdaý ekilen ýeriň meýdany 39 müň gektara barabardyr. Kärendeçiler bu ýere bugdaýyň «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý — 56», «Bagrat» ýaly ýerli toprak-howa şertlerinde oňat netijeleri görkezen görnüşlerini ekdiler. Galla oragyna «СLAAS», «John Deere» we «Сase» ýaly dünýäde belli firmalaryň däne ýygyjy kombaýnlarynyň 100-den gowragy çekildi. Olara tehniki hyzmat etmek üçin ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri ýaly zerur zatlar bilen üpjün edilen toparlar berkidildi. Meýdanlardan bugdaýy ýük awtoulaglarynyň 600-den gowragy etrapdaky kabul ediş bölümleriň we elewatorlaryň 9-syna daşady. Etrapda M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, A.Nyýazow adyndaky, şeýle hem «Magtymguly», «Bereketli», «Bugdaýly», «Ýaşyldepe, «Ýerbent» we beýleki daýhan birleşikleriniň ekerançylary şertnamalaýyn borçnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Gallaçylaryň ýadawsyz zähmeti döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilip, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişini çaltlandyrýar. Satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny almak üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, olary has ýokary hasyl almaga gyzyklandyrmak üçin oňat gural bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, suwaryş melioratiw ulgamlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurulmagyna öňdebaryjy agrotehnikanyň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna, tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, oba ýaşaýjylarynyň zähmet we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýär. Gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli Ak bugdaý etrabynda dabara boldy. Onda etrabyň edermen gallaçylary daýhanlar barada edýän ählitaraplaýyn aladasy, ekerançylaryň netijeli işlemegi ugrunda döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tejribelerini, güýç-gaýratlaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar. Galla oragy dowam edýär. Ekerançylar gymmatly azyk önümini — meýdanda galan ähli hasyly gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamagy maksat edinýärler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow