Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
Jemgyýet
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi
Çap edildi 30.07.2015
1410

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeşleriň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda 16-njy awgustda geçiriljek saýlawlar bilen baglylykda ähli ýerlerde ýaýbaňlandyrylan saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry—Geňeşleriň agzalygyna hem-de milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak möwsümi tamamlandy. Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 6041 saýlaw okrugyndan ýurdumyz boýunça jemi 13528 dalaşgär, şol sanda Ahal welaýatynyň 973 saýlaw okrugy boýunça 2017, Balkan welaýatynyň 413 saýlaw okrugy boýunça 895, Daşoguz welaýatynyň 1416 saýlaw okrugy boýunça 3324, Lebap welaýatynyň 1449 saýlaw okrugy boýunça 3485, Mary welaýatynyň 1790 saýlaw okrugy boýunça 3807 dalaşgär bellige alyndy. Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynyň her birinden 2 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärler baradaky maglumatlar ýerli metbugatda çap edildi. Geňeşleriň agzalygyna we milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň hatarynda oba hojalyk işgärleri, bilim, ylym we medeniýet, maliýe-ykdysady ulgamlaryň wekilleri, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň – senagat, gurluşyk, aragatnaşyk ulgamlarynyň işgärleri bar. Olaryň köpüsi syýasy partiýalara we jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik edýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy boýunça 2939 adam, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy boýunça 525 adam, Türkmenistanyň Agrar partiýasy boýunça 1248 adam, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary boýunça 3971 adam, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy boýunça 1105 adam, Zenanlar birleşigi boýunça 1548 adam, raýatlar toparlary tarapyndan 2192 adam hödürlendi. Şeýlelikde, halkymyzyň durmuşyndaky möhüm meseleleri çözmäge raýat jemgyýetiniň ähli edaralarynyň işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň wekilleriniň aýratyn nygtaýşy ýaly, dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary raýat işjeňligi we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda ýerlerde geçirilen uly guramaçylyk işleri ýardam etdi. Saýlaw okruglarynyň ählisinde bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenildi. Munuň özi saýlawlaryň bäsleşik ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Dalaşgärleriň ählisine we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz çärelerini geçirmekde -- häzirki wagtda ähli ýerlerde geçirilýän saýlawlaryň öňýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda hem-de mejlislerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmekde deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Şeýle duşuşyklary guramak dalaşgärleri hödürlän guramalaryň, saýlaw toparlarynyň üstüne ýüklenildi. Olar bu duşuşyklary ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalaryň, edaralaryň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirýärler. Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Merkezi saýlaw toparynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan esasy çärelerden başga-da, saýlaw toparlary raýatlarymyzy gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça zerur maslahatlary berýärler, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletimizde hakyky halk häkimiýet ýörelgelerini pugtalandyrmak baradaky oňyn syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen ornaşdyrylan täze saýlaw ulgamynyň artykmaçlyklaryny düşündirýärler. Mejlisiň çäklerinde syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalaryndan milli synçylaryň hasabatlary hem diňlenildi. Olar häzirki wagtda saýlawlaryň öňýanynda geçirilýän işlere syn edýärler. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary milli kanunçylyga laýyklykda geçirilýär. Mundan başga-da, Saýlaw kodeksina laýyklykda, saýlawlar gününde ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek Türkmenistanyň raýatlary üçin möhletinden öň—saýlawlaryň resmi senesinden 10 gün öň ses bermegi geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda beýleki guramaçylyk meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňky habarlar
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
18.11
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
18.11
Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
17.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
top-arrow