Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Ykdysadyýet
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Çap edildi 25.06.2019
1303

Şu gün welaýatda Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, ýurdumyzda ilkinji bolup galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren gallaçylaryň zähmet ýeňşi mynasybetli dabaralar geçirildi. Türkmen topragynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatynyň esasy maksadydyr. Obada amala aşyrylýan toplumlaýyn we giň möçberli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň obasenagat toplumy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hil taýdan täze sepgitlere ýetip, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Pudaklaýyn düzümiň täze tehnikalar bilen üpjün edilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, oba zähmetkeşleriniň ýokary hilli tohumlar hem-de zerur bolan mineral serişdeler bilen üpjün edilmegi netijesinde galla oragy möwsüminiň depgini ýokarlandyryldy. Bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzlar, beýleki çykdajylaryň maliýeleşdirmegi, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ekerançylaryň zähmet öndürijiligini, olaryň has ýokary hasyl almaga gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak üçin oňat höweslendiriş çäreleri boldy. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan sebitlerde giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar. Galla oragy möwsüminde gije-gündiziň dowamynda öndürijilikli işlenmegi netijesinde her gün galla kabul ediş bölümlerine ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Ekerançylar ýetişdirilen bol hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýärler. Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana galla, şol sanda Ahal welaýatynda 209 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Ekin meýdanlarynyň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasyl berýän «Bitarap», «Sähraýy», «Kalim», «Batko», «Moskowskiý-56», «Bagrat» ýaly görnüşleri ekildi. Galla oragynda «CLASS», «John Deere», «Case», «New Holland» kombaýnlary işledilýär. Munuň özi ekerançylara bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berdi. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen kabul ediş bölümlerinde, ammarlarda we elewatorlarda täze hasylyň hili «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan barlanylýar. Daýhanlar bilen hasaplaşyklar «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleri arkaly öz wagtynda amala aşyrylýar. Dabaralaryň barşynda welaýatyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Has tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara we beýleki işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Edermen ekerançylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa daýhanlar baradaky hemmetaraplaýyn aladasy, netijeli zähmet çekmek üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar. Welaýatyň gallaçylary meýdanlarda galan hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almak işini dowam etdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, bugdaýdan boşan meýdanlarda aralyk ekinler ekilýär. Mundan başga-da, ekerançylar ekin meýdanlaryny öňümizdäki bugdaý ekişine taýýarlamak boýunça çäreleri görýärler, gowaça ideg etmek işleriniň depginini ýokarlandyrýarlar.

Soňky habarlar
13.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
13.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.01
Täze, döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy
12.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
11.01
Innowasiýalar — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti
11.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
09.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
09.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow