Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
Ykdysadyýet
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
Çap edildi 09.07.2019
1641

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär. Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, şolar ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy, türkmen obasyny ösdürmek üçin kuwwatly durmuş-ykdysady binýadyň üpjün edilmegi obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynyň girewidir. Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly möwsüminde dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi. Dürli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük maşynlarynyň 10 müňden gowragy bugdaýyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny üpjün etdi. Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, çalgy ýaglar, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdiler. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, ykjam söwda nokatlarynyň işi guraldy. Galla ýygnaýan toparlaryň ählisiniň sazlaşykly işi guwandyryjy netijeleri berdi. Mälim bolşy ýaly, indi birnäçe ýyldan bäri, Türkmenistan ýetişdirilýän azyk bugdaýynyň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösüşi nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyz 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanyldy. Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Däp bolşy ýaly, çörek halkymyz tarapyndan ruhy gymmatlyk hökmünde kabul edilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi hemişe türkmenistanlylaryň bereketli saçaklarynyň bezegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Munuň özi gün-günden barha kuwwatlanýan eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygyň kepili, gadymy hem-de baky juwan türkmen topragynyň sahawatlylygynyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow