Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 26.10.2019
1636

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumy we “Türkmensenagat eksport-import” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamid Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem BAE-niň işewürleri uly göwrümli plastik gaplary satyn aldylar. Bulardan başga-da, ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Gonkongdan, Irlandiýadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi we maşyngurluşyk önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gazagystandan, Gonkongdan, Pakistandan we Ermenistandan gelen telekeçiler bahasy 25 million manada golaý nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 417 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow