Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 9-njy awgust
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 9-njy awgust
Çap edildi 09.08.2015
1684

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Maltadan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna pagta ýagyny, nah ýüplügi, arassalanan süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 294 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 2 million 145 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 189 müň manatlyk polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow