Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi
Ykdysadyýet
Ahal welaýaty pagta taýýarlamak baradaky borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdi
Çap edildi 04.11.2019
1755

Ahal welaýatynyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky döwlet tabşyrygyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Bu zähmet ýeňşi daýhanlaryň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşant goşmak ugrunda çeken halal, yhlasly zähmetleriniň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze sepgitlere çykmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Pagtanyň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýörite tehnikalary satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga has-da gyzyklanmaklaryna oňyn täsir edýär. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýlip, Gutlagda nygtalýar. Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi mynasybetli bu ýerde dabara geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, oba zähmetkeşleri gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegine ekerançy hasyl ussatlary bilen birlikde, döwrebap pagta ýygyjy tehnikalara ussatlarça erk edýän kombaýnçylar, hasylyň bökdençsiz daşalmagyny üpjün edýän sürüjiler we beýlekiler hem saldamly goşant goşdular. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri barada edýän yzygiderli aladasy, olaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmekleri üçin döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyzyň eziz Diýarymyzyň ekerançylarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Ahal welaýatynda pagta ýygymy möwsümi dowam edýär. Boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylar «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow