Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 14-nji Awgust
Resmi
Resmi habarlar 14-nji Awgust
Çap edildi 14.08.2015
1833

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Rejepowiç Artykow Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Owganystan Yslam Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şirgeldi Işangulyýewiç Işangulyýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Seýitnazarowiç Kakaýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýna Aýdogdyýewna Gurbanowa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Resulmyrat Seýitmyradowiç Meredow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Kyýasowiç Aýnazarow Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary Berdiguly Durdygulyýewiç Rizaýewiň üstüne ýüklenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gallanyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň işini talaba laýyk gurap, olaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine daýhan birleşikleri, oba hojalyk kärhanalary, kärendeçiler we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2016-njy ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdanda bugdaý ekip, degişi möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlkili durmuşa geçirmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlary ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň we alymlaryň neslini kemala getirmek, bilimleriň ykdysadyýetini kämilleşdirmek, ylmyň we bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy, şeýle hem şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudak edaralaryna Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasary bellenildi. *** Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. *** ""Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyny"" durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykow Balkan welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Geldimyradowiç Hojamuhammedow Mary welaýaty boýunça jogapkär edip bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýazmuhammedowa Maýsa Meredowna berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Hudaýberdiýew Akmyrat Rozydurdyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komitetiň başlygy Ýazlyýew Ýazmuhammet Aşyrmyradowiçe berk käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň energetika ministri Saryýew Geldi Muhammedowiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Annameredow Baýram Gurbandurdyýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, birleşigiň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy Sapardurdyýew Nursähede käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, konserniň daşary ýurt pulundaky girdejiler boýunça meýilnamasyny ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy Ataýew Maksatmyrat Ataýewiçe käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerinde ekologiýa talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri Annabaýramow Babageldä berk käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow