Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 23-nji awgust
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 23-nji awgust
Çap edildi 23.08.2015
1633

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, tehniki kükürdi, russiýaly we hytaýly işewürler tehniki uglerody we tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt walýutasyna şeýle hem bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük, buýan köküniň ekstrakty satyldy. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 68 million 106 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň we Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, pagta ýagyny, regenerirlenen süýümi, nah mata galyndylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 77 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow