Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 03.10.2020
2127

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, yşyk kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan gelen işewür toparlarynyň wekilleri el halylaryny, natriý hloridiniň erginini we glýukozany, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 13 million manada golaý boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 649 müň manatlykdan gowrak “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polipropilen hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit bitumyny, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow