Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 29-nji Awgust
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 29-nji Awgust
Çap edildi 29.08.2015
1727

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Kiprden gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi, (“Türkmenhimiýa” DK), Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan we Owganystandan gelen işewürler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arasalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Owganystan, Täjigistan, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 927 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 3 million 447 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 366 müň manatlykdan gowrak polipropilen we pagta ulýugyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow