Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hünärmenler migrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Hünärmenler migrasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 04.02.2021
2153

Şu gün paýtagtymyzda Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň ýurdumyzdaky bilermenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. 

Oňa türkmen tarapyndan Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Onda şu ýyl üçin bellenilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan 2020-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada aýtdylar. 

Maslahatyň dowamynda migrasiýa boýunça milli strategiýanyň taslamasyny taýýarlamagyň, bu ugurda görkezijileri ýygnamagyň we olary seljermegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. 

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy we adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmegiň meselelerini kadalaşdyrýan birnäçe binýatlaýyn halkara resminamalaryna goşulmak bilen, döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär we beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik ösüşe we häzirkizaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine ygarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. 

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilleri dünýäniň dürli ýurtlarynda alyp barýan barlag işleriniň birnäçe möhüm ugurlary, şol sanda migrasiýa ulgamyndaky meýiller we migrasiýa hakyndaky maglumatlar, halkara migrasiýa kanunçylygy, migrasiýa we ösuş, saglygy goraýyş we migrasiýa, bosgunlaryň bikanun getirilmegine garşy göreş, zähmet migrasiýasy, halkara söwda we beýlekiler ýaly wajyp ugurlary öz içine alýar. 

Şunuň bilen baglylykda, bilermenler bilelikdäki işleriň netijelerini, şeýle hem häzirki we geljekki meýilnamalary hem-de taslamalary aýan etdiler we Türkmenistanyň bilelikdäki ylalaşyklary amala aşyrmk boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow