Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Diplomatik ýokary okuw mekdebinde türkmen-özbek duşuşygy
Syýasy habarlar
Diplomatik ýokary okuw mekdebinde türkmen-özbek duşuşygy
Çap edildi 17.02.2021
2838

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda şahyr-filosof hem-de görnükli döwlet işgäri Zahiriddin Muhammad Baburyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyk geçirildi. Onuň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň gaznasyna girdi.

Duşuşyga iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. 

Şu günki wideoduşuşyk doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekde hem-de iki ýurduň taryhy-medeni baýlygyny bilelikde öwrenmekde möhüm ädim bolar.

Belleniliýşi ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklary tutuş dünýä taryhyna uly täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni we taryhy mirasyny goraýjylar bolup durýar. Özüniň ýakynlygyny, dinini, dilini, ata-babalarynyň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny saklap galan bu halklar şöhratly geçmişine buýsanmaga haklydyr.

Onlaýn-duşuşygyň dowamynda ýylýazgylary barada ýatlanyp geçildi. Olar Gündogaryň, şeýle hem Hindistanyň ençeme künjeklerinde gadymdan gözbaş alýan türki halklaryň we hindileriň medeni gatnaşyklaryna diňe taryhy nukdaýnazardan däl-de, eýsem, bu iki gadymy halklaryň medeniýetleriniň özara täsiriniň üçünji müňýyllykda hem üstünlikli ösmeginiň dowam edýändigini bellemek gerek. 

Şahyr durmuş ýolunda öçmejek “Babyrnama” eserini galdyrdy. Ol prozanyň ajaýyp nusgasy hem-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna giren gymmatly taryhy çeşme bolup durýar.

Wideoduşuşyk arkaly geçirilen brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow, Özbegistanyň DIM-niň dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwersitetiniň rektory Komilžon Karimow çykyş etdiler.

Özbek tarapy şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen goňşy ýurduň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etmegi hem halkara we sebit syýasatynyň derwaýs meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygynyň we gabat gelmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, döwletara gatnaşyklary Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklara esaslanýar hem-de soňky ýyllarda söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi bilen tapawutlandy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy ugurlarynyň täze sebit bazarlaryna çykmak üçin düzümleýin we ulag-aragatnaşyk taslamalaryny amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we rowaçlygy üpjün etmek boýunça wezipeleriň töwereginde jemlenendigine üns berildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar şahyr Zahiriddin Muhammad Babur barada aýtmak bilen, onuň mirasynyň diňe türki halklar üçin däl-de, eýsem, tutuş adamzat üçin uly ähmiýete eýedigini bellediler. Onuň pikirdeşleri, beýik türkmen şahyrlary we döwlet işgärleri Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşany bolup durýar. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabatda we Daşkentde geçiriljek nobatdaky duşuşyklarda hem netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine umyt bildirdiler.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow