Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Çap edildi 18.02.2021
4701

Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasatanyň oňyn häsiýetini bellediler. Bu syýasat şeýle hem Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini şertlendirýär.

Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

***

Şu gün DIM-de wideomaslahat görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasyndan Premýer-ministriniň orunbasary, dostlukly ýurduň daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdy.

Taraplar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň YHG-niň hem-de beýleki guramalaryň çäklerinde iki ýurduň toplan oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara meselelerine ýakyn garaýyşlary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem bilelikdäki işi dowam etmäge özara taýýarlyk beýan edildi.

Hazar meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy, şol sanda port düzümlerini herekete getirmek babatynda ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Şu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sammitiň gün tertibini işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şeýle hem ekologiýa ulgamynda, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk boýunça pikir alşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň açylmagy üçin bilelikdäki başlangyçlaryň işlenilip düzülmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu ugurda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garadylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama gol çekildi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow