Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 26.02.2021
10290

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. 

Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarynda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar. Şunda, adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ýük dolanyşygyny üpjün etmek, durnukly energetika babatda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanylýar.

Mundan başga-da, YHG-ä agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, sport ugurlarynda, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine doly derejede goldaw bermek hem-de olary höweslendirmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-niň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-niň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly halkara we sebitara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz YHG-niň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, işewür gatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Hyzmatdaşlygyň täze netijeli guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan häzirki ýagdaýa hem-de geljekki ösüşe laýyklykda, bu ugur boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Döwletara gatnaşyklarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň amatly amala aşyrylmagyna gönükdirilen ýörelgeler ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr. Munuň özi ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksatlaryna gabat gelýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri we guramaçylyk meselelerini geçirmek, türkmen tarapynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy boýunça zerur tagallalary etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleri boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de şanly sene mynasybetli Dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. 

Meýilnamanyň çäklerinde ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХХ köpugurly halkara sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäherhökmünde belent abraýa eýe bolandygy nazara alnyp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamyndahalal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärlere, hünärmenlere döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň merjen şäheri diýen derejä mynasyp bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ösüşleriň, guralýan baýramçylyk dabaralarynyň Diýarymyzyň tutuş halky üçin buýsançly wakadygyny aýdyp, ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagynyň bu senäniň ähmiýetini artdyrjakdygyny belledi. 

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-siniň işe giriziljekdigini belledi. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunda geçirilýän bäsleşikleriň görnüşlerini artdyrmak, olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de mazmunyny baýlaşdyrmak meselelerine möhüm üns berilmelidir.

Milli Liderimiz sazlaşykly ösüşi we binagärlik gurluşy babatdahalkara derejesinde ykrar edilen Aşgabadyň durmuşynda we taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň çärelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi.Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.

Milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, gazanylan ösüş depginini saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp,obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz suw hojalygy pudagynyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi. 

Wise-premýere ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalygyna suwaryşyň täze usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki üpjünçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň gülläp ösmegine, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine, pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň täze eýýamda saklanmagyna we dowam etmegine goşant goşýan bagtyýar aýal-gyzlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-18-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezerler. 

Ýurdumyzda telekeçileriň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalar döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Munuň özi täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Häzirki zaman kärhanalarynda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

17-nji martda geçiriljek maslahata onlaýn tertibinde birleşmäniň welaýatlardaky agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna bu düzümiň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň işiniň geriminiň giňeldilmeginiň, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu forumyň türkmen telekeçileriniň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy haryt öndürijileriň önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärelerden ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň hem-de kuwwatynyň gözden geçirilişinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen bagly çäreleriň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenýän baýramçylyk mynasybetli, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirildi.

“Ýylyň zenany” we “Talyp gözeli-2021” bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly atlary dakmak we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar. Söwda-senagat edarasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň ähmiýetini belledi. 8-nji martda dabaralary guramak bilen biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Milli Liderimiz döwletimiziň zenanlaryň erkin we bagtyýar durmuşy, öndürijilikli zähmeti, bilim we hünär almagy, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi üçin mundan beýläk-de zerur şertleri döretjekdigini belledi we meýilleşdirilen dabaralaryň, baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesinde we ýokary ruhy galkynyş esasynda geçirilmegi babatda wise-premýere görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowtürkmen-eýran serhedindäki “Dostluk” demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, giň gerimli sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň netijesinde üstaşyr ýükleriň mukdary artdyrylýar. Olaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýol ugry boýunça “Demirgazyk-Günorta” ulag-üstaşyr geçelgesi bar. 

Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň yzygiderli işini üpjün etmek, ýük akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň garamagyna türkmen-eýran serhedinde giň ugurly demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça teklipler aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly sebitara we halkara gatnaşyklary meselelerine oňyn çemeleşmeleri, dürli pudaklarda, şol sanda ulag ulgamynda düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi. 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça netijeli ulag geçelgeleri bolmak bilen, dünýäniň iri bazarlaryna çykalgany üpjün edýär. 

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, multimodal logistika hem-de üstaşyr geçelgeleri üçin amatly şertleriň üpjün edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giň möçberli halkara taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny belläp, wise-premýere kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň “Altyn nesil” atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 

7-14 ýaşly mekdep okuwçylaryndan ybarat boljak bu gurama döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen döredilýär. 

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, köptaraply zehinlerini açyp görkezmek işleriniň ähmiýetlidigini belledi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.

Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. 

Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan ulanyş we gözleg guýularynyň gazuw işleriniň alnyp barylýandygy, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasytarapyndan bolsa aşaky gatlagy özleşdirmek maksady bilen, gözleg guýularynyň gazuw işleriniň ýerine ýetirilýändigi bellenildi. 

Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de täze guýulary burawlamak boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar. 

Ýurdumyzyň günbatarynda hem täze açylan Uzynada meýdançasyny özleşdirmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe guýudan önüm alnyp, täze guýulary burawlamak işleri ýerine ýetirilýärler.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen 2D seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan Günorta Uzynada meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çuňlugy 6 müň 300 metr bolan gözleg guýusynyň gazuw işleri alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýan nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze geljegi uly nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmäge, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga hem-de iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýangyç-energetika toplumyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlaryň energetika ulgamynda uly iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ygtybarly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow