Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk
Syýasat habarlary
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 02.03.2021
2536

Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurtly raýatlary üçin ýurdumyza gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakyndaky Karary barada Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi taýdan habar berýän ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasy gowşuryldy. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu günden başlap, BMG-niň pasportlarynyň eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna wiza resmileşdirmezden, Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga hem-de ýurtdan gitmäge, şeýle hem ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmäge ygtyýar berilýär.

Mundan başga-da, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň DIM-i tarapyndan hasaba alnan BMG-niň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary ýurdumyzda işleýän döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar.

Bu Kararyň kabul edilmegi 1946-njy ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň artykmaçlyklary we eldegrilmesizlikleri hakyndaky konwensiýasyna laýyk gelýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli, köpugurly gatnaşyklar ikitaraplaýyn gyzyklanmalara hem-de özara düşünişmek ýagdaýyna kybap derejede ösdürilýär.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady. BMG-niň Baş sekretary özüniň gutlagynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 29 ýyllygy bilen gutlamagyň özünde aýratyn şatlyk duýgusyny döredýändigini belleýär. Türkmenistan BMG-ä möhüm agza döwlet bolup durýar we ol guramanyň maksatlaryny amal etmek işinde, şol sanda sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, öňüni alyş diplomatiýasynyň işini ilerletmekde işjeň we möhüm orun eýeleýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, BMG bilen köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesi arkaly häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň üsti täze anyk mazmunlar bilen ýetirilýär.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň çärelerine işjeň gatnaşýandygynyň, onuň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň anyk çözgüdine goldaw bermäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň netijesidir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwletimiziň daşary syýasat ugruna laýyk gelýändigini we onuň BMG-niň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp bolýandygyny äşgär edýär.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow