Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habar
Resmi
Resmi habar
Çap edildi 10.03.2021
3840

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de halkara ýaryşlarda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

— Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly, 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi;

— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulag serişdesi sowgat berildi.

Soňky habarlar
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow