Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
Çap edildi 05.04.2021
3808

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bu resminamanyň esasynda şol günüň özünde milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz bu gazna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde ony döretmek hakyndaky çözgüdi beýan edip, munuň ata-babalarymyzyň kömege mätäçlere ýardam bermek hem-de olary hemmetaraplaýyn goldamak ýaly ynsanperwer ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Häzirki wagtda bu parasatly ýörelgeler hem-de däpler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky alada bolsa şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow