Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň täze neşiri
Jemgyýet
«Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň täze neşiri
Çap edildi 08.05.2021
5544

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Hatyra» kitabynyň birinji jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşiri çapdan çykdy. Bu neşir Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar.

Bu taryhy-resminamalaýyn iş Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan, dereksiz ýiten esgerleriň we serkerdeleriň edermenligine bagyşlanýar.

Kitap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli watandaşlarymyza hem-de uruş weteranlaryna iberen Gutlagy bilen açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synaglary, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyklary, agyr ýitgileri ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gowgaly döwürde millionlarça adam faşizmiň pidasy boldy. Maşgalalar ata-eneden, ogul-gyzdan, dogandyr uýadan mahrum boldy. Dünýä ykdysadyýetine, adamzat medeniýetine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetdi. Beýik Ýeňşe bolan arzuw-umytlar doganlyk halklar bilen birlikde Türkmenistanyň halkyny hem zulum-sütemiň garşysyna gahrymançylykly göreşe jebisleşdirdi.

Kitabyň sahypalarynda Mälikguly Berdimuhamedowyň “Uruş bolmasyn!” atly goşgusy hem-de döwlet Baştutanymyzyň uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp ýazylan adybir aýdym baradaky ýatlamasy bolan “Durnalar” atly goşgusy ýerleşdirildi.

Giriş makalasynda Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden esgerleriň faşistik basybalyjylara garşy göreşlerde görkezen edermenlikleri, tylda zähmet çekenleriň tutanýerliligi beýan edilýär. Bu makalada bellenilişi ýaly, umumy maksadyň bähbidine gije-gündiz dynman, ýadawsyz zähmet çekdiler.

Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Ahal welaýatyndan hem-de paýtagtymyzdan hereket edýän goşuna 62 müňe golaý adam çagyrylypdyr.

Şeýle hem kitapda sylag hatlary we suratlary ýerleşdirilen SSSR-iň Gahrymanlary — türkmenistanly esgerler hakynda maglumatlar ýerleşdirildi.

“Hatyra” kitaby Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda duşmana garşy agyr söweşlere gatnaşan ildeşlerimiz hakyndaky ýadygärligi nesillerimiz üçin aýawly saklamaga ýardam etjek gymmatlykdyr.

Kitabyň gaýtadan işlenen jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.

Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
top-arrow