Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 13.05.2021
1674

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Söhbetdeşler umumadamzat ahlak gymmatlyklaryny we ruhy ösüşi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini bellediler.

Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we gyrgyz halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sadyr Žaparowa duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly goldawyna, medet beriji sözlerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy Kanunyň Gyrgyzystanyň mundan beýläk-de ösmeginde ygtybarly binýat boljakdygyny hem-de gyrgyz halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň barha ösýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyza köp ulgamlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesini gazanmagy başardandygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri bar bolan mümkinçilikleri hem-de häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklary geçirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de okgunly ösýändigini aýdyp, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça-da pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygy bellenildi. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri iki döwletiň mizemez dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow ýene-de bir gezek dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza baýramy bilen birek-biregi gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
top-arrow