Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 16.05.2021
2122

Onuň Alyhezreti,

doganym Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna bolsa öňe gidişlik, gülläp ösüş hem-de durnuklylyk eçilmegini dileýärin.

Siziň doganyňyz,

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri,

Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Alžiriň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Beýik Biribardan bize hem-de tutuş musulman ymmatyna gülläp ösüş we yrsgal-döwlet eçilmegini, dünýäde ýaýran ýokanç keselden halas etmegini, halklary ähli betbagtçylyklardan we howplardan gorap saklamagyny hem-de asudalyk, howpsuzlyk we agzybirlik dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen halklarymyzyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymy ýene bir gezek bellemek isleýärin.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mübärek Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan hemmämiz üçin abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Muhammed ben Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri

Soňky habarlar
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
top-arrow