Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 28.05.2021
1945

Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA-a agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy—durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Kongresiň işewür maksatnamasy umumy mejlisi hem-de “tegelek stollary” öz içine aldy. Şolarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen halkara düzümleri bilen parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek, ekologiýa medeniýetiniň ornuny ýokarlandyrmak, ilatyň bilimi, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky maksatlaryny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw serişdeleriniň utgaşykly dolandyrylmagyna, ekologiýa taýdan aň-düşünjäniň artmagyna we ekosyýahatçylyga, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýalar hem-de taslamalar ulgamynda tejribeleriň alşylmagyna, täze ählumumy howa syýasatyna, tokaý serişdelerine, “ýaşyl” energetika, ykdysadyýetiň galyndysyz ulgamynyň kemala getirilmegine we beýlekilere aýratyn üns berildi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet tebigaty goraýyş syýasatynyň hem-de Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamak, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda döwrebap, ekologiýa taýdan arassa we tygşytly “ýaşyl” tehnologiýalary peýdalanmak ulgamynda amala aşyrylýan milli, sebit hem-de halkara derejesindäki giň gerimli ekologiýa maksatnamalary we taslamalary bilen tanyşdyryldy.

Ýurdumyzyň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary hem-de bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.


Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow