Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy
Syýasy habarlar
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy
Çap edildi 31.05.2021
2641

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň bu komitetiň ýapon tarapynyň başlygy, Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösüşini kesgitleýändigi bellenildi.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalary seljerdiler hem-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag hem-de beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitleri nazara almaga we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylan taslamalar, hususan-da, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bellenilip geçildi. Şeýle hem Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrik bekediniň gurluşygyny dowam etdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän özgertmeler maksatnamalarynyň baş wezipesiniň Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekden ybaratdygyny bellemek gerek.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutup, iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly işleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
11.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: - Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
top-arrow