Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Tekstil pudagynyň önümleri birža söwdasynda öň hatarda
Ykdysadyýet
Tekstil pudagynyň önümleri birža söwdasynda öň hatarda
Çap edildi 15.06.2021
3693

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 822 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksunyň, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileniň we polipropileniň, şeýle-de el halylarynyň hem-de pagta süýüminiň jemi bahasy 590 million manatlyga golaýyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow