Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň ýokary depginleri
Ykdysadyýet
Galla oragynyň ýokary depginleri
Çap edildi 20.06.2021
3440

Ýurdumyzda gyzgalaňly dowam edýän orak möwsüminde türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

20-nji iýunda birbada alty etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoş habar iberdiler.

Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňde barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 62 müň 550 tonnadan gowrak galla öndürildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy.

Bu welaýatda, beýleki sebitlerde bolşy ýaly, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Göçme abatlaýyş toparlary gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýärler.

Mehanizatorlar, sürüjiler we möwsüme gatnaşýan beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde degişli derejede ýaşaýyş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary guralýar, göçme söwda nokatlary hereket edýär.

Lebap welaýatynyň ekerançylary hem uly netijeler gazandylar. Köýtendag etrabynyň gallaçylary 17 müň 600 tonnadan gowrak, Hojambaz etrabynyň ekerançylary bolsa 21 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde güýzlük bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi.

Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Welaýatyň Tagtabazar we Ýolöten etraplary döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar döwlet harmanyna şu güne çenli degişlilikde, 17 müň 300 tonnadan gowrak hem-de 25 müň 200 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny enjamlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýän syýasatynyň netijesinde, soňky ýyllarda sebitiň galla orujy kombaýnlarynyň üsti täze tehnikalar bilen ýetirildi, bu bolsa galla oragynyň depginlerini güýçlendirmäge, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamaga mümkinçilik berdi.

Oba hojalygy pudagyny ösdürmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Obasenagat toplumyna uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär, bu bolsa welaýatlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, döwletimiziň ykdysady abadançylygynyň, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda galla oragyna gatnaşyjylaryň her biri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän şu ýyly täze zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýär. Öňdebaryjy etraplaryň bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny möhletinden öň abraý bilen ýerine ýetirmekleri ýurdumyzyň beýleki etraplarynyň gallaçylaryny hem zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Şeýle zähmet üstünligi özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan eziz Diýarymyzyň ähli gallaçylarynyň hem döwlet tabşyryklaryny abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam döredýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow