Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2021
1739

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglary we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini hem-de birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk we açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şunda iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegiň we netijeliligiň ýokary derejesine aýratyn üns berildi. Munuň özi halkara guramalaryň çäklerinde hem öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy möhüm ähmiýete eýedir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň köp ugurlar boýunça üstünlikli gatnaşyk edýändigini nygtadylar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň işi hem muňa köp babatda ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy we ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Milli Liderimiz we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy yzygiderli geçirilýän parlamentara duşuşyklaryň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow