Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2021
544

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türki dilli döwletler bilen netijeli gatnaşyklara uly üns berilýär. Türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen taryhy kökleriň, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türksoý geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, onuň geljegi barada pikir alyşdylar hem-de söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türksoý geňeşiniň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky sammitine degişli mesele barada durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow