Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2021
527

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de köpugurly işinde ajaýyp üstünlikler arzuw etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda russiýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Bitarap Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerini köp mukdarda öndürýän döwletleriň biri bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Myhman milli Liderimizi “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan giň gerimli işi hem-de bilelikdäki taslamalary ilerletmek boýunça taýýarlanylan teklipler bilen tanyşdyryp, russiýaly hyzmatdaşlaryň mundan beýläk hem öz üstüne alan borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow