Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2021
567

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.

Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize bagt, abadançylyk we häzirki döwrüň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda üstünlikler gazanmak baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, myhman döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlar bilen bilelikde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär.

Duşuşygyň barşynda däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow