Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar
Çap edildi 29.06.2021
1130

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan öz ösüşinde uly üstünlikler gazandy hem-de häzirki wagtda dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär.

Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyga we syýasy özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.

Rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga Siziň uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Hökümetleriň ugry boýunça netijeli işleriň goşulyşmak işini mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine, täze maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin şertleri döretjekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Siziň jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
M.Mişustin,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.


* * * 


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly şahsy goşandyňyza Russiýada ýokary baha berilýär.

Bilelikdäki tagallalar bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň üpjün edilmegini, sebit we halkara işlerde däp bolan netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegini başartjakdygyna ynanýaryn. Şeýle ugur iki ýurduň halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we dostlukly Türkmenistanyň Baştutany wezipesinde täze üstünlikler arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
D.Medwedew,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.


* * *


Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Türkmen halky Size hem-de Siziň döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda başyny başlan we üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriňize buýsanýar.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan halkara bileleşigiň hormatly hem-de abraýly agzasyna, kuwwatly ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, kämil ylmy, medeniýeti we bilimi bolan ösen döwlete öwrüldi. Garaşsyzlyk ýubileýi ýylynda bu üstünlikler Siziň ýurdy ösdürmegiň geljegi babatdaky strategik garaýyşlaryňyzyň dogrudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigine, halkyň, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine Siziň başlangyçlaryňyzy üstünlikli durmuşa geçirjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň Lideri hökmünde Siziň möhüm ähmiýetli işiňizde täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Oleg Kononenko,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň Kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, tälimçi-kosmonawt-synagçy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow