Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 21.07.2021
1472

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

gadyrly doganym!

Azerbaýjan halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna ruhy jebisligiň, raýdaşlygyň, dost-doganlygyň nyşany bolan Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Bu ajaýyp baýramda Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işiňizde üstünlik, doganlyk Türkmenistana bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaýaryn.

Goý, bu mukaddes baýram bizi tutuş adamzadyň bähbitlerine asylly işlere ruhlandyrsyn!

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Rodrigo Roa Duterte,

Filippinler Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.

Goý, bu nurana baýram Siziň dostlukly ýurduňyza hem-de tutuş yslam dünýäsine bagtyýarlyk we raýdaşlyk getirsin!

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk eçilmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň iň gowy arzuwlarymy hem-de Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Başar Al-Asad,

Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, öňegidişlik we raýdaşlyk eçilmegini dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki mukaddesligiň hyzmatkäri,

Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize nurana Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Allatagaladan ähli musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammed ben Salman ben Abdel Aziz Al Saud,

Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,

Saud Arabystany Patyşalygynyň goranmak ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Beýik Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş, şeýle hem ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, howpsuzlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýusuf A.Al-Osaýmin,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow