Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permany
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Permany
Çap edildi 25.09.2021
1804

Ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijelere eýe bolýan mähriban Watanymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý gazanýar.

Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň hyzmaty uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyz uly işleri bitirýärler.

Barha ösüp, özgerýän agzybir jemgyýetimizde ýaşuly nesliň ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin: 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna 

«Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň müdiri Romanguly Mustagowa,

«Sowadyş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Rejepmyrat Allaberdiýewe,

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, pensioner Atamyrat Hangeldiýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Beýik Saparmyrat hajy metjidiniň baş ymamy Gylyçniýaz Atageldiýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 23-nji orta mekdebiniň müdiri Kowus Meretmämmedowa,

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap statistika bölüminiň hünärmeni Orazgeldi Aşyrowiç Çepbeýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Orazmämmet Begjanowa,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň meýillendiriş-ykdysadyýet bölüminiň başlygy Tagan Taganowa,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hemra Ýagdyýewiç Saryýewe,

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Baýrammyrat Ýusupowiç Allanazarowa,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Berkarar geňeşliginiň Guljangala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Atagulla Ibadullaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň Bagtyýarlyk obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Çäşem Daňatarowiç Samaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Babahan Abdullaýewe,

Lebap welaýatynyň Kerki etrap häkimliginiň ykdysadyýet we sarp ediş toplumy bölüminiň müdiri Akmurat Jumageldiýewe,

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hojakul Gandymowiç Huddyýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň mugallymy Öwezgeldi Mäterowa,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çerkezköl geňeşliginiň Çerkezköl obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Hojamyradowa,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginiň Babasary obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Agajan Töräýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow