Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 27.09.2021
1883

Şu gün tutuş ýurdumyz mäkäm jebislikde baş baýramymyzy — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik ýagdaýynda giňden belleýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

30 ýyl mundan ozal halkymyzyň özbaşdak döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy hasyl boldy. Ol watandaşlarymyza döredijilikli zähmet çekmek, parahatçylygy hem-de dostlugy pugtalandyrmak üçin egsilmez güýç-gaýrat, ruhubelentlik paýlaýar. Halkymyz erkinligi we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyga aýratyn buýsanýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: “Ata Watanymyzyň täze taryhy, biziň gazanan üstünliklerimizdir ösüşlerimiz milli Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Özbaşdaklyk zamanynyň her bir güni, her aýy we ýyly, her onýyllygy örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik wakalaryndan doly boldy. Siziň köpiňiz bu wakalaryň janly şaýady bolduňyz, şol wakalara işjeň gatnaşdyňyz” diýip nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ruhy, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ykdysady ösüşi güýçli depginlere eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň täze keşbini bütin dünýä äşgär etdi. Jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleriň başyny başlan hem-de köpugurly işinde “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni esas edinen milli Liderimiz ýurdumyzy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, mähriban halkymyzyň aň-düşünjesinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi, demokratik kadalar yzygiderli ornaşdyryldy. Döwlet Garaşsyzlygy milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ir säheriň güneşli howasynda has-da gözel görünýän Garaşsyzlyk binasynyň töweregindäki meýdança aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandy. Ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, ajaýyp gül desseleri, adamlaryň belent ruhy şatlygy baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdança gelýär.

Dabara gatnaşyjylar gadymy we baky juwan türkmen topragynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere badalga berýän, beýik işlere ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly ynsanperwer syýasatyň netijesinde Türkmenistan tutuş dünýäde abadançylygyň we parahatçylyk döredijiligiň merkezi hökmünde tanalýar.

Milli Liderimiz gyrasynda merdana pederlerimiziň däplerini mynasyp dowam etdirijiler bolan Milli goşunymyzyň edermen goragçylarynyň nyzama düzülen ýodajygy bilen ýöräp geçýär. Şöhratly pederlerimiziň keşpleri ajaýyp Garaşsyzlyk binasyna barýan ýoldaky heýkellerde öz beýanyny tapdy. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli mähriban halkymyzyň, eziz Diýarymyzyň gahrymançylykly taryhyna hormat-sarpa goýmak ruhunda terbiýelenýär.

Döwlet Baştutanymyz ýörite bellenen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Binada halkymyzyň erkinlik we garaşsyzlyk baradaky arzuwyna ýetmeginiň köpasyrlyk ýoly barada gürrüň berýän gymmatly ýadygärlikler saklanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gül desselerini goýdular.

Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki meýdança hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen örtüldi. Bu güller türkmenistanlylaryň belent watansöýüjilik duýgularynyň, halkymyzyň häzirki berkarar we bagtyýar döwri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bimöçber hoşallygynyň, geljege ynamly garaýşynyň nyşanydyr.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow