Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Lebap welaýatynda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy
Ykdysadyýet
Lebap welaýatynda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy
Çap edildi 26.10.2021
2655

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ekerançylary ýurdumyzda ilkinji bolup, güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat berdiler. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi bellenilen möhletlerde hem-de agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi, munuň özi gymmat bahaly bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Ýurdumyzda däneli ekinleriň ekiş möwsüminiň başlanýan döwri tomus paslynyň ahyrky günlerine gabat gelýän hem bolsa, oba hojalykçy alymlaryň aýtmaklaryna görä, türkmen güýzi güýzlük bugdaýy ekmek üçin iň bir amatly wagt bolup durýar. Hut şu döwürde bugdaý dänesi endigan gögeriş alýar.

Şu möwsümde howa babatynda hem, agrotehniki şertler babatynda hem ýagdaýlar amatly boldy. Ekiş üçin ýokary hasyl berýän hem-de kesellere durnukly tohumlar taýýarlanyldy. Ekiş işlerinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman oba hojalyk enjamlary peýdalanyldy.

Gallaçylyk hem-de pagtaçylyk pudaklary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň strategik ähmiýetli ugurlarydyr. Ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmek hem-de ony gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän agrar syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Oba hojalyk pudagynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň täze ykdysady şertlerde amala aşyrylýandygy olaryň häsiýetli aýratynlygydyr, şunda telekeçilik başlangyçlary hemmetaraplaýyn höweslendirilýär, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi üçin amatly şertler döredilýär.

Geljek ýyl ýurdumyzda jemi 1 million 400 müň tonna, şol sanda Lebap welaýatynda 310 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Ekin meýdanlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawyndan ruhlanýan merdana ekerançylarymyzyň tutanýerli zähmeti göz öňünde tutulan şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine berk ynam döredýär.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow