Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Çap edildi 31.10.2021
5364

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli berýän goldawlarynyň hem-de netijeli zähmet çekmek we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döredilýän şertleriň netijesinde ýurdumyzyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň ekerançylary bu möwsümde bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk ýerlerini öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Rowaç”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Watan”, “Juwan”, “Ýokumly”, “Ýolöten — 1”, “Miras” görnüşleriniň ýokary hilli tohumlary taýýarlanyldy.

Şu möwsümde ýurdumyz boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanyldy.

Ýurdumyzda obasenagat toplumyna bir bitewi döwlet goldawy ulgamynyň döredilendigini bellemeli. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygy pudagynyň we hyzmat edýän düzümleriň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna maýa goýum serişdelerini gönükdirmek onuň esasy ugurlarynyň biridir.

Pudagy tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasiýalar esasynda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, amala aşyrylýar, hususan-da, oba hojalyk tehnikalary dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy bilen tapgyrlaýyn enjamlaşdyrylýar.

Oba hojalyk ekinleriniň kesellere we zyýan berijilere durnukly, ýerli toprak-howa şertleriniň uýgunlaşdyrylan ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagy ýokary hasylyň alynmagyny üpjün edýär.

Oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, netijeli çäreler durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda gallaçylykdan we pagtaçylykdan başga-da, ýurdumyzda maldarçylyk, guşçulyk, gök önümleri öndürmek, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny öndürmek we obasenagat toplumynyň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär. Onuň işjeňleşdirilmegine köp babatda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de daýhan birleşiklerine hem-de oba hojalyk ugurly paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere, hususy telekeçilere berilýän ýeňillikli bank karzlary ýardam berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen şu ýylda türkmen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Geljek ýylda ýurdumyzda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Ýokary derejede geçirilen örän möhüm oba hojalyk möwsümi bu borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow