Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Ykdysadyýet
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Çap edildi 08.11.2021
4311

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine jinsi matalary, nah ýüplügi, float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 21 million 525 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 408 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gurluşyk nebit bitumyny, şeýle hem el haly işlerini satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow