Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary
Çap edildi 18.01.2022
3877

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýyla — berkarar döwletimiziň täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:

1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçirmeli.

2. Şu kararyň birinji böleginde görkezilen mejlise taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly işleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde geçirmegi üpjün etmeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň 

Halk Maslahatynyň Başlygy 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwary.

Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow