Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 29-njy Oktýabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 29-njy Oktýabr
Çap edildi 29.10.2016
1892

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Lýuksemburgdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanylan göni arassalanan benzini, dizel ýangyjyny we M-100 belgili mazudy, Türkiýeden gelen işewurler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkart tüýjümek polotensalar, mesge ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, hojalykda ulanylýan pamyk, pagta galyndylary ýerlenildi. Olary satan alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, Daniýa, Ukraina. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 647 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Niderlandlardan gelen işewürler jemi bahasy 17 million 46 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügini, pagta sarunyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
top-arrow