Baş sahypa
\
Resmi
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy
Resmi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy
Çap edildi 01.03.2022
5354

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de onuň çägindäki awtoduralgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, ýokary derejede dolandyrylmagyny üpjün etmek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine döwlet tarapyndan goldaw bermek maksady bilen, şeýle hem “Hossarlyk we howandarlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Eýeçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň bir belgili bäşinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde çykaran 2227-nji Kararyna laýyklykda gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, şol sanda edara binasyny, 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we çagalar sagaldyş merkezini hem-de “Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çäginde awtoduralgalary gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 2560-njy Kararyna laýyklykda gurulýan awtoduralgalary, olaryň gurluşygy tamamlanandan soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenilen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Kararda görkezilen degişli desgalary, olary saklamak bilen bagly çykdajylary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek bilen, dessin dolandyryş hukugynda peýdalanmak üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda gaznanyň Esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän, ýedi adamdan ybarat bolan Ýaşulular Geňeşini döretmek bellenildi.

Şeýle hem Karar bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy hem-de şu gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
22.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22.06
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
22.06
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
21.06
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
20.06
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
top-arrow