Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatlylar – petank boýunça üstünlik gazandylar
Sport
Aşgabatlylar – petank boýunça üstünlik gazandylar
Çap edildi 01.11.2016
2592

“Ashgabat Tissot open – 2016” ady bilen geçirilýän petankyň ikinji tapgyrynyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler kesgitlenildi. “Berkarar” toparyny bir ýarym sagada çeken çekeleşikli final duşuşygynda 13:12 hasaby bilen utmagy başaran paýtagtymyzyň “Ýeňiş” topary altyn medallara hem-de Kuboga eýe boldy. Aşgabadyň “PetankTürkmenistan” hem-de “Buig” we “Tissot” daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilhanalary tarapyndan bilelikde guralan bäsleşikler “Triple” usulynda – erkekleriň we zenanlaryň garyşyk toparlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Deslapky tapgyrda bäsdeşler dört topara bölündi. Şonda birinji we ikinji orunlary eýelänler medallar ugrunda göreşmäge hukuk gazanýarlar. Ýeňijileriň düzüminde toparyň kapitany Sapar Durdyýew iň ýokary sport netijelerini görkezip, metal şarlary zyňmakda dürsligi bilen tapawutlandy. Şeýle hem Wiktor Delagaçyň hem-de Wioletta Pahomowanyň “Ýeňiş” toparyna üstünlik getirmäge uly goşant goşandyklaryny bellemelidiris. Ikinji orny eýelän toparyň düzüminde Oleg Ýewsýukow, Suraý Kalmuradowa we Ýelena Gridçina çykyş etdiler. Bürünç medala eýe bolan “MTS” toparyna Tahyr Tejenow, Pawel Gasparýan hem-de Sähra Nurberdiýewa wekilçilik etdiler. Petank oýny biziň ýurdumyzda täzeden bäri ýaýrap başlady. Emma türkmenistanlylar eýýäm halkara ýaryşlarynda hem üstünlik gazanmaga ýetişdiler. 2014-nji ýylda Taýlandda geçirilen IV Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medallara mynasyp bolupdylar. Bu üstünlik ildeşlerimiziň arasynda sportuň bu görnüşiniň giňden ýaýramagyna hem-de ýaşlaryň köpsanlysyny Aşgabatda işleýän petank boýunça sport bölümlerine çekmäge ýardam berdi. Bary-ýogy 10 topar gatnaşan birinji ýaryşdan tapawutlylykda, bu gezekki bäsleşiklere 18 topar – paýtagtymyzdan 8 hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalara we daşary ýurt kompaniýalaryna wekilçilik edýän 10 topar gatnaşdy. Häzirki wagtda petank bilen meşgullanýan türkmen türgenleri şu aýyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän milli ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Şol ýaryşlaryň netijeleri boýunça dekabr aýynda Mýanmada geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin milli toparyň düzümi kesgitleniler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow