Baş sahypa
\
Sport
\
Küşt boýunça dünýä çempionatynda altyn we kümüş medallar
Sport
Küşt boýunça dünýä çempionatynda altyn we kümüş medallar
Çap edildi 01.11.2016
2591

Kadetleriň arasynda Gruziýanyň Batumy şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda ýaş türkmen türgenleri iki medala – bir altyn we bir kümüş medala eýe boldular. Biziň toparymyzyň düzüminde Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň okuwçylary Şageldi Gurbandurdyýew (1-nji orun) we Läle Şöhradowa tapawutlandylar. Bu netije Türkmenistanyň ýygyndy toparyna umumytoparlaýyn hasapda üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi, munuň özi ýaryşa gatnaşan döwletleriň sanynyň köpdügini göz öňünde tutanyňda örän oňat netijedir. Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) howandarlygynda geçirilen dünýä çempionatyna 66 ýurtdan gadymy aň-paýhas oýny bilen meşgullanýan ýaşajyk küştçüleriň 750-ä golaýy gatnaşdylar. Küştçüler 8, 10 we 12 ýaşa çenli üç topara bölündi. Bäsleşikler 11 tapgyrdan ybarat bolan şweýsar usuly boýunça geçirildi. Şageldi Gurbandurdyýew 8 ýaşa çenli toparda birinji orna eýe boldy, bu toparda baýrakly orunlar üçin 50-ä golaý ýurtdan 138 küştçi bäsleşdi. Biziň ýaşajyk ildeşlerimiz sekiz döwde ynamly ýeňiş gazanyp, bir döwde deňme-deň we bir döwde utulmak bilen, mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk toplady. Läle Şöhradowa 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda kümüş medala eýe boldy. Bu toparda 46 ýurtdan ýaşajyk küştçüleriň 115-si çykyş etdi. Türkmenistanly küştçi gyz diňe ABŞ-nyň toparynda çykyş eden Wu Roşelden yza galyp, 8,5 utuk toplady. Ikinji orun ugrunda güýçli küştçüleriň ýene birnäçesi – russiýaly Margarita Zwerewa hem-de Hytaýdan Ýadşing Weý hem dalaşgärlik etdiler, olar Läle bilen deň – 8,5 utuk toplan bolsalar-da, biziň türgenimiz sport netijeliliginiň gatnaşygy boýunça tapawutlandy. Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Rozymyrat Gurbandurdyýewiň işini aýratyn bellemelidiris, ol dünýä birinjiliginde medal almagy başaran küştçüleri ýetişdirmegi başardy.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow