Baş sahypa
\
Sport
\
Paýtagtymyzyň “Olimp” mekdebi - ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez
Sport
Paýtagtymyzyň “Olimp” mekdebi - ýaş türgenleri taýýarlaýan merkez
Çap edildi 03.11.2016
3518

Gökje sport toplumynda 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebinde tälim alýanlar birinji ornu eýelediler. Aşgabatly türgenler dört altyn, bäş kümüş we bäş bürünç medallara eýe boldular. Bagtyýar Paşyýew (46 kilograma çenli), Daýanç Guwanjow (50 kilograma çenli), Kemal Annadurdyýew (58 kilograma çenli) hem-de Gadam Hojakow (63 kilograma çenli) birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Raşid Rustamowyň hem-de tälimçiler Begmyrat Kakabaýewiň we Ýakup Mazakowyň tälim berýän ýaş türgenleri indi köp ýyllaryň dowamynda milli derejeli ýaryşlarda öňdäki orny eýeläp gelýärler. Munuň özi paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebini erkoin göreş boýunça zehinli ýaşlary ýetişdirýän esasy merkez diýip atlandyrmaga mümkinçilik berýär, onda tälim alanlaryň köpüsi ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümine girýär. Amangeldi Annarejebowyň tälim berýän Aşgabadyň ikinji topary ikinji orny eýeledi. Olaryň hasabynda Döwletgeldi Garryýewiň (54 kilograma çenli) we Atamyrat Çarlyýewiň (76 kilograma çenli) eýe bolan iki altyn medaly bar. Balkan welaýatyyň ýaş türgenleri üçünji orny eýelediler, balkanly türgenleriň hatarynda Rüstem Tuwakberdiýew (85 kilograma çenli) ýeňiş gazandy. Şeýle hem daşoguzly türgen Reýimbaý Kazakow (42 kilgrama çenli) we lebaply türgen Döwletmyrat Meýmankulyýew (69 kilograma çenli) hem altyn medaly eýeldi. Bu ýaryşyň jemi boýunça iri halkara bäsleşiklerine taýýarlyk görýän milli ýygyndy toparymyzyň düzümi kesgitleniler. Geljek ýylyň başynda Belarusuň paýtagty Minskide ýetginjek türgenleriň gatnaşmagynda iki ýaryşy-- Suwastynda işleýän deňizçileriň ýadygärligine (ýanwar aýy) hem-de üç gezek Olimpiýa çempiony Aleksandr Medwediň baýragy ugrundaky (fewral aýy) bäsleşikler geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda milli derejeli ýene bir ýaryşa – 2-4-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda geçiriljek erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, erkin göreş ýene bir ýyla golaý wagtdan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem öňde boljak ýaryşlar diňe bir Aziada-2017-niň çäklerindäki ýaýbaňlanjak bäsleşiklere taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolmak bilen çäklenmän, şol bäsleşiklerde çykyş etjek ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň deslapky düzümini düzmekde hem esas bolup hyzmat eder.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow