Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda basketbol boýunça halkara ýaryşy badalga alýar
Sport
Aşgabatda basketbol boýunça halkara ýaryşy badalga alýar
Çap edildi 04.11.2016
2673

Şu gün, 5-nji noýabrda, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 3x3 görnüşindäki basketbol boýunça halkara ýaryşy açylýar. Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Aşgabada ýygnandylar. Türkmenistan ýer eýesiniň hukuklarynda erkekler we zenanlar gatnaşyjylarynyň arasynda birnäçe toparlary çykardy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Guramaçylyk toparynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de birnäçe beýleki döwlet edaralarynyň howandarlygynda geçiriljek halkara derejesindäki basketbol ýaryşlaryny ýurdumyz ilkinji gezek kabul edýär. Şoňa görä-de, bu ýaryş diňe bir netije gazanmaga däl, eýsem, türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk ukyplaryna baha bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem ol Aziada-2017-niň çäklerinde sportuň bu görnüşi boýunça indiki ýyl ýaryşlaryň geçiriljek ýerine öwrüljek täze sport binýadynyň hil aýratynlyklaryny synag eder. Başdaky gürrüňimize dolanyp gelip, erkekleriň we zenanlaryň bäsleşiklerine deslapky tapgyrda iki toparça bölünen sekiz toparyň gatnaşjakdygyny belläp geçeliň. Toparçalarda diňe birinji we ikinji orny eýelän toparlar oýunlaryň jemleýji tapgyrynda medallar ugrunda göreşlerini dowam eder. Şol tapgyr 6-njy noýabrda günüň ikinji ýarymynda ýeňijileri we baýrak eýelerini kesgitlär. Şu gün bolsa 16.00-da açylyş dabarasy geçiriler. Şonda estrada ussatlarynyň çykyşlary hem-de Aşgabatdaky gimnastika, söweş sungaty we beýleki ugurlar boýunça öňdebaryjy türgenleriň çykyşlary görkeziler. Görnüşi ýaly, ýaryşlary guraýjylar sporty söýüjileriň ählisini ajaýyp we özüne çekiji duşuşyklaryň şaýatlary bolmaga çagyrýarlar. Stritbol diýlip atlandyrylýan 3x3 görnüşindäki basketbol geçen ýüzýyllygyň 50-nji ýyllarynda döredi. Ol nusgawy görnüşinden topardaky türgenleriň sany bilen tapawutlanýar, ýagny, meýdançanyň ýarty böleginde bir basketbol toruna pökgi geçirmek ugrunda her topardan üç oýunçynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Stritboluň meşhurlygy onuň elýeterliliginde jemlenýär. Aslynda, oýunçylardan ýörite beden taýýarlygy hem-de ýokary hünärli başarnyklar talap edilmeýär. 3x3 görnüşindäki basketbol Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek Olimpiada-2020-ä girizilmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar. Stritbol kenarýaka oýunlaryň maksatnamasyna mäkäm ornaşyp, onuň geçirilmeginiň barşynda sportuň has şowhunly görnüşleriniň biri bolmak bilen köpsanly tomaşaçylary ýygnaýar. Başlanmagyna çenli 10 aý töweregi wagt galan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem bu ýaryşyň örän özüne çekiji boljakdygyna garaşylýar.

Soňky habarlar
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
top-arrow